Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Belgiýanyň saýlama şokolady «Godiva-nyň» ilkinji wekili peýda boldy

09:4806.03.2023
0
34313

Türkmen alyjylary hakyky belgiýa şokoladynyň tagamyndan lezzet almaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanda «Godiva» saýlama şokolady bilen ýeke-täk üpjün ediji Aşgabatdaky sergi otagyna çagyrýar.

«Godiva» şokoladynyň taryhy 1926-njy ýylda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde başlandy. Ýokary derejeli şokoladyň her ýygyndysy üçin diňe ýokary hilli we tebigy önümlere esaslanýan özboluşly taýýarlaýyş usuly işlenilip düzülýär.

Aşgabatdaky sergi otagynda belgiýaly haryt nyşanynyň önümleriniň dürli görnüşleri hödürlenýär: şokolad plitkalary, kökeler, gutulara gaplanan we çekimli içi dürli huruşly süýjüler, sowgat toplumlary we ş.m.

31-nji marta çenli ajaýyp «Godiva» şokoladyny 20% arzanladyş bilen satyn almak mümkindir.

Ýatlatsak, Aşgabatdaky sergi otagynda türkmenistanlylaryň arasynda söýgi gazanan «Lindt» haryt nyşanly şweýsar şokoladynyň hem dürli görnüşleri hödürlenýär.

31-nji marta çenli bir «Lindt» şokolad önümini satyn alnanda ikinjisi sowgat berilýär.

«Lindt» we «Godiva» sergi otagy Türkmenistanyň ähli sebitlerine eltip bermek hyzmatyny guraýar.

Mundan başga-da, müşderiniň islegi boýunça söwda edilende sowgatlyk gaby hem sargyt etmek mümkindir.

Sergi otagynyň hödürleýän önümleri bilen dükanyň sosial ulgamdaky sahypasynda ýa-da aşakdaky salgyda tanşyp bilersiňiz: Aşgabat, köç. Alyşir Nowaýy, «Altyn zaman» binasy, 1-nji gat

Goşmaça maglumat üçin telefonlar: (+993 65) 90 00 05, (+993 63) 73 22 44.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň