Wladimir Baýramowyň topary Kazanyň Gyşky kubogynda kümüş medala mynasyp boldy

11:1105.03.2023
0
15155

Russiýanyň Wahitow etrabynyň Olimpiýaçylary taýýarlaýyş sport mekdebiniň türkmenistanly tälimçisi Wladimir Baýramowyň ýolbaşçylygyndaky futbol topary Kazanyň Gyşky kubogynda 2011-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada Kazan şäheriniň futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Baýramowyň topary ýaryşda diňe çempionlyk ugrundaky duşuşykda «Rubinden» 0:4 hasabynda ýeňildi.

«Rubiniň» ozalky oýunçysy professional karýerasyny 2013-nji ýylda tamamlady. Şondan bäri ol Wahitow etrabyndaky çagalar-ýetginjekler mekdebinde tälimçi bolup işleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň