Turkmenportal logo
04.03.23
4121941219
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýewropa suw ýetmezçiligi howp salýar
Ýewropa suw ýetmezçiligi howp salýarSurat: google.com

Ýewropa suw ýetmezçiligi howp salýar. Munuň sebäbi yklymyň günbataryndaky uzaga çeken guraklykdyr diýip, «Habar 24» ýazýar.


Ýurtlaryň birgideninde ýagyşdyr garyň ýetmezçiligi dowam edýär. Mysal üçin, Fransiýanyň iň uzyn Luare derýasynda suwuň derejesi pese düşdi. Ýerli howa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýurt bütin taryhynda iň kyn gyş guraklygyny başdan geçirýär.


Ýagdaý Ispaniýada we Italiýada hem şeýle. Ýurtlaryň häkimiýetleri suw gorlaryny tygşytly peýdalanmaga gönükdirilen çäreleri görýärler.


Fransiýanyň Ekologiýa ministrligi şu ýazda we tomusda has güýçli guraklyk boljakdygyny duýdurdy.