Turkmenportal logo
03.03.23
5287552875
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady
Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Wo Wan Thyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany, ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wo Wan Thyonga berk jan saglyk, güýç-kuwwat, şeýle-de Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkynyň öňe gitmegine hem-de abadançylygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.