Turkmenportal logo
03.03.23
2668726687
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Abdyş-Ata» Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň goragçysy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşdy
«Abdyş-Ata» Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň goragçysy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşdy

Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol kluby Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň wekili Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny habar berdi.


Çaryýewiň fewral aýynda gyrgyz toparynda gözden geçirilişde bolandygyny ýatladýarys. Ol topar bilen Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşdy.


Geçen möwsümde Gyrgyzystanyň çempiony bolan «Abdyş-Ata» şu ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşar. 22 ýaşly Çaryýew geçen möwsümde «Energetikde» çykyş edendigini ýatladýarys.


Transfermarkt oňa 100 müň ýewro baha kesýär.


Maryda doglan futbolçy Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň hem agzasydyr. Ol ýaşlar ýygyndyda alty duşuşyk geçirdi.