Türkmenistanda INTERPOL bilen hyzmatdaşlyk boýunça üç günlük maslahat geçirildi

19:0102.03.2023
0
29545

Türkmenistanyň paýtagtynda «Halkara jenaýat polisiýa guramasy (INTERPOL) bilen hyzmatdaşlyk etmek» atly okuw-maslahat geçirildi. Bu çäre Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň (BOMCA) çäginde guraldy.

Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi web sahypasynda berilýän görä, maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşykda oňa gatnaşyjylar INTERPOL guramasy bilen hyzmatdaşlyk we bu halkara guramasy bilen bilelikde çäreleri guramak meseleleri boýunça hukuk, presessual we tehniki çözgütler bilen bagly halkara tejribesi bilen tanyşdylar.

INTERPOL — jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin dürli ýurtlardan hukuk goraýjy guramalary birleşdirýän halkara guramadyr. Doly ady Halkara Jenaýat Polis Guramasy. Onuň baş edarasy Lionda ýerleşýär. Gurama öz taryhyny 1923-nji ýylda, Wena polisiýa kongresinde Halkara jenaýat polisiýa topary döredilmeginden alyp gaýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň