Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Günüň habarlary» gepleşigi «Turkmenportalyň» ähli platformalarynda rus dilinde elýeterli boldy

18:3101.03.2023
0
41296

2023-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap, «Turkmenportal» web-saýty «Günüň habarlary» gepleşiginiň rus dilindäki sany ýola goýuldy. Bu bolsa web-saýtyň döredijilik toparyny okyjylara we tomaşaçylara ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy.

Indi «Turkmenportal» web-saýtynyň okyjylary Türkmenistanda hem-de dünýäde bolup geçýän täzeliklerdir wakalar bilen iki dilde, ýagny türkmen we rus dillerinde tanşyp bilerler.

«Turkmenportal» rus dili bilýän, bu dilde gürleýän okyjylary bilen gatnaşygyny has-da ýygjamlaşdyrmak isleýär. Çünki rus dilindäki okyjylar raýatlaryň aglaba bölegini tutýar. «Turkmenportal» web-saýtynyň döredijilik topary häzirki wagtda web-saýtda hereket edýän iňlis dili bilen birlikde türk dilinde hem «Günüň habarlary» gepleşigini ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Belläp geçsek, «Günüň habarlary» gepleşiginiň ilkinji sany 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde tomaşaçylara hödürlendi. Şol günden bäri hem alypbaryjy Gülaýym Ataýewa okyjylary Türkmenistanda hem-de dünýäde bolup geçýän wakalar bilen türkmen dilinde tanyşdyryp gelýär. Indi bolsa alypbaryjy Sabina Hallyýewa okyjylary täzelikler bilen rus dilinde tanyşdyrar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda rus diliniň meşhurlygy ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda ýurtda rus dilini öwredýän orta mekdepleriň 71-si bar. Şeýle-de Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde 30 000-den gowrak türkmen talyby bilim alýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň