Turkmenportal logo
03.03.23
5533355333
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlaryň «Bahar sazy» atly konserti geçiriler
Aşgabatda mümkinçiligi çäkli adamlaryň «Bahar sazy» atly konserti geçiriler

Halkara zenanlar güni mynasybetli «Ýeňme» jemgyýetçilik guramasynyň guramagynda konsert geçiriler. Jemgyýetçilik guramasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Bahar sazy» atly baýramçylyk konsertine çagyrýar.


Konsertde estrada ýyldyzlaryň aýdymdyr sazlary, tans toparlarynyň çykyşlary ýerine ýetiriler. Mundan başga-da, mümkinçiligi çäkli adamlaryň «Bahar öwüşginlerini» alamatlandyrýan çykyşlary görkeziler.



Konsert 4-nji martda «Watan» kinokonsert merkezinde geçiriler. Konsert 15:30-da başlanar.


Has giňişleýin maglumatlar bilen bolsa şu görýän telefon belgileriňiz bilen habarlaşyp bilersiňiz: (+993)62-73-10-07; (+993)63-13-13-40.