Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy täzelenen reýtingäki ýerini öwrendi

09:3701.03.2023
0
22186

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy dünýä ýygyndylarynyň täzelenen reýting sanawynda 72-nji orny eýeledi. Bu barada Futsal World Ranking habar berýär.

Häzirki wagtda türkmen ýygyndysynyň 879 utugy bar. Ol dünýä reýtinginde Surinam bilen Iordaniýanyň arasynda ýerleşýär.

Umuman, sanawda kän bir üýtgeşiklik göze ilmeýär. Ilkinji onlugy Braziliýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Argentinanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Eýranyň, Marokkonyň, Ukrainanyň we Paragwaýyň milli ýygyndylary düzýär.

Türkmen ýygyndysy Aziýa boýunça reýtinge Saud Arabystany bilen Iordaniýanyň aralygynda 14-nji orny eýeleýär. Biziň yklymymyz boýunça ilkinji üç orunda Eýran, Ýaponiýa we Özbegistan bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň