Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň başlygy kabul edildi

20:5727.02.2023
0
24871
Türkmenistanyň DIM-de GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň başlygy kabul edildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň başlygy Buri Karimow bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşi bilen hyzmatdaşlygy hem-de sebitdäki halkara ulag geçelgeleriniň ösüşiniň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşykda ählumumy ulag dialogyna Türkmenistanyň işjeň gatnaşygy, ulag pudagynyň maddy we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen Milli toplumlaýyn maksatnamalary agzalyp geçildi. Içerki ulag ulgamyny halkara ulag düzümine goşmak üçin bar bolan torlary giňeltmek, täze ulag we aragatnaşyk torlaryny döretmek, multimodal ulagyň sebitleýin utgaşdyrylmagyny üpjün edýän iri logistika merkezleriniň döredilmegi boýunça pikir alşyldy.

GDA-nyň Ýolçularynyň Hökümetara Geňeşiniň çärelerini taýýarlamak we geçirmek, şeýle hem onuň ýakyn wagtda meýilleşdirilýän 46-njy mejlisini, Aşgabatda halkara ylmy we amaly maslahaty, 6-njy halkara awtoulag ýörişi guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu nukdaýnazardan B.Karimow, halkara ulag geçelgeleriniň, awtoulag ýollarynyň ýagdaýyny, ösüşini gowulandyrmaga, ýol howpsuzlygyny üpjün etmek şeýle hem ulag we ýüklerdäki päsgelçilikleriň sanyny azaltmaga ýardam etmäge gönükdirilen 6-njy halkara awtoulag ýörişiniň ähmiýetini belläp geçdi.

Duşuşygyň jemlerinde taraplar ýakyn wagtda çäreleri bilelikde guramak hem-de geçirmek babatda hyzmatdaşdaşlygy dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň