Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5027.02.2023
0
30686
Serdar Berdimuhamedow möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşy, degişli maksatnamalarda gurulmagy meýilleşdirilen desgalardyr binalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, 2023-nji ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, ýagny sürmek we tekizlemek, geriş çekmek işleriniň guramaçylykly dowam edýändigi, pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek üçin degişli çäreleriň geçirilýändigi barada aýdyldy.

Şeýle-de hasabatlaryň çäginde häzirki wagtda ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň möwsüme doly taýýar edilendigi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişiniň dowam edýändigi, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekişine taýýarlyk görülýändigi barada hem aýdyldy.

Daşoguz welaýatynda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy.

Häkimler maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümine taýýarlyk görlüşi, şeýle hem ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek baglaryň ýerlerini taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän degişli işler hakynda-da habar berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekki bol hasylyň binýady bolup durýandygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, gök-bakja ekinlerini ekmek, şeýle-de bugdaýa ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamak, pagta öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün edilmegi babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardyr binalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanylmagy, talabalaýyk, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda-da häkimlere birnäçe degişli tabşyryklar berildi.

Soňra obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Şunda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barlyşy, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, oňa ösüş suwuny tutmak işleriniň dowam edýändigi barada aýdyldy.

Şeýle hem wise-premýer ýurtda gowaça ekişine we ýazky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görlüşi, ýazlyk ýeralmanyň we soganyň ekişiniň barşy, beýleki gök-bakja ekinlerini ekmäge görülýän taýýarlyk hakynda-da hasabat berdi. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini talabalaýyk geçirmek, ýurtda suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işleriň geçirilýändigi barada hem aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek bilen geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi. Şeýle-de şu ýyl gowaçanyň, gök-bakja we beýleki ekinleriň ekiljek ýerleriniň möwsüme doly taýýar edilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, ýurtda ýazky bag ekmek möwsüminde ekiljek saýaly, pürli we miweli baglaryň hem-de üzümiň nahallaryny, ekiljek ýerlerini taýýarlamak, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek ýerleri ekişe taýýarlamak, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini, şeýle hem welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli tabşyryklary berdi hem-de iş maslahatyny jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň