3-4-nji maýda Aşgabatda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş» atly halkara maslahat we sergi geçiriler. Onuň maksady pandemiýadan soňky dikeldiş we halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolar.
Şeýle hem maslahatda «Gündogar-Günbatar» we «Demirgazyk-Günorta» ugurlardaky halkara ulag geçelgelerine, şol sanda Hytaýyň «Bir guşak — bir ýol» başlangyjy bilen arabaglanyşygyň bir bölegi hökmünde Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň we ugurlarynyň, üstaşyr potensialyň we ulag infrastrukturasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu wekilçilikli forumy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde guraýar. Her ýyl geçirilýän iri halkara çäre milli ulag kärhanalarynyň halkara aragatnaşyk pudagynda alyp barýan işlerini giňeltmek, Türkmenistanyň döwlet guramalary, iri logistika institutlary we ulag-logistika ulgamlary boýunça ýöriteleşen halkara guramalaryň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär.
Maslahatda ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen bagly bolmagyna garaşylýar.