Top.Mail.Ru

Arhiw

«Ak Ýol» dabaralar zaly ýaz we tomus aýlary üçin Türkmenistanyň ýaş çatynjalarynyň arzalaryny kabul edýär

10:0527.02.2023
0
31960

Aşgabatdaky «Bagt köşgi» toý dabaralarynyň merkezinde ýerleşýän giň we rahat dabaralar zaly «Ak Ýol» Türkmenistanyň ýaş çatynjalaryny ýaz we tomus aýlary üçin restorany bronlamaga çagyrýar.

«Ak Ýol» restoranynyň tejribeli topary toý tagamnamasyny saýlar, zerur yşyklandyryş we ses enjamlary bilen üpjün eder, ünsli we güler ýüzli ofisantlar bolsa myhmanlara ýakymly agşamdan lezzet almaga kömek ederler.

Mundan başga-da, restoranda ýörite çagalar meýdançasy döredilendir we bu ýere animatorlary çagyrmak mümkindir.

«Ak Ýoluň» iş dolandyryjysynyň bellemegine görä, restoranyň esasy maksady diňe bir müşderilerine tagamly naharlary hödürlemek we ýatdan çykmajak dynç alyş gurşawyny döretmek däl, eýsem, her bir müşderä aýratyn çemeleşmekden ybaratdyr. Mysal üçin, ýaş çatynjalar myhmanhanada lýuks otagy we üsti açyk «Linkoln» awtoulagy mugt berilýär.

Şeýle hem, toý dabaralaryny geçirmek üçin 3 ýyllyk töleg meýilnamasyny resmileşdirmek mümkindir.

Ýatlatsak, «Ak Ýol» dabaralar zaly 1000 adama çenli kabul edip bilýär we Bagtyýarlyk köçesiniň 15-nji jaýynda – «Bagt köşgüniň» birinji gatynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • telefonlar: (+993 65) 41 41 40, (+993 60) 13 62 62, (+993 12) 95 06 38;
  • sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň