Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de geleşikleriň jemi bahasy 34 million 721 müň dollardan gowrak boldy

11:5027.02.2023
0
27155

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, daşary ýurt puluna owganystanly telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjy Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, boýalan tüýjümek önümler, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 721 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bahasy 4 million 175 müň manatlyk nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 500 müň manatlyk, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň