Top.Mail.Ru

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy

21:5425.02.2023
0
40131
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda guruljak binalaryň taslamalary bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň şekil taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary we binalaryň özboluşly aýratynlyklary, gurluşykda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar barada giňişleýin hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň baş metjidiniň bezeg aýratynlyklarynda ulanylýan serişdeler, metjidiň yşyklandyrylyşy, sütünleri bilen tanşyp, onuň gurluşynyň we bezeg aýratynlyklarynyň türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň özboluşly ýörelgelerine laýyk gelmelidigini belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän awtomenziliň şekil taslamasy bilen tanşyp, oňa käbir belliklerini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, toplumyň taslamasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary taýýarlady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda alnyp barylýan işlere degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýurduň ulag ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirilmelidigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherde ulaglaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, ýollarda sürüjiler we ýolagçylar üçin amatly şertleri ýola goýmak meselelerine, ýolyşyklaryň döwrebap ýagdaýda bolmagyna möhüm üns berilmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Baş meýdançasynda oturdylan baýdak sütüninde mukaddes ýaşyl tuguň uzaklardan seleňläp görünmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda bina edilen dürli maksatly desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini belläp, şunda şäheriň merkezinde ýerleşýän münberiň gurluşygynda-da, bezeg aýratynlyklarynda-da häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ulanylmalydygyny aýtdy. Bu desga täze şäheriň binagärlik keşbine özboluşly bezeg bermelidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde harby we hukuk goraýjy edaralaryň, migrasiýa, gümrük gulluklarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, ulaglaryň sazlaşykly hereketini gözegçilikde saklamak bilen bagly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini, täze şäheriň açylyş dabarasy mynasybetli guraljak dabaralarda täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň, halkyň bagtyýar durmuşynyň we ýurduň ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň