Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

14:3624.02.2023
0
30426

Türkmenistan birnäçe halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda «RT» («Russia Today») teleýaýlymy bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.

Gepleşiklerde türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň we Halkara maglumat merkeziniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Rus tarapyna «Russia Today-yň» halkara hyzmatdaşlyk gullugynyň hünärmeni Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Karina Melikýan, «Ruptly» wideo gullugynyň baş prodýuseri Mariýa Antonenko hem-de sebitleýin telewideniýe we radio kompaniýalary boýunça prodýuser Wartan Haçaturyan wekilçilik etdiler.

Ýeri gelende bellesek, türkmen tarapy 22-nji fewralda «Al Jazeera» kompaniýasynyň «Aljazeera Media Network» halkara teleýaýlymyň dolandyryjysy Ihtişam Nibatulah bilen hem gepleşikleri geçiripdi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow «Habar» media holdingiň başlygy Berik Uali bilen duşuşyp, türkmen khbs-leri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň käbir halkara habar beriş serişdeleri «Euronews», «Sinhua», «China Daily», «Trend», «Report», «CGTN», «BelTA» we ş.m. bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň