Turkmenportal logo
24.02.23
2906429064
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
PÝÇ: II möwsümiň 4-nji oýnunyň geçiriljek senesi we okalmagy maslahat berilýän edebiýatlar mälim edildi
PÝÇ: II möwsümiň 4-nji oýnunyň geçiriljek senesi we okalmagy maslahat berilýän edebiýatlar mälim edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan guralýan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň 2022-2023-nji okuw ýylyndaky II möwsüminiň IV oýny 2023-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriler. Bu barada TDIM-niň HGI-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Çeşmede bellenilişine görä, «Dialog — parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatik mirasynda parahatçylyk medeniýeti» atly umumy şygar astynda geçirilýän möwsümiň 4-nji oýnunyň temasy «Gadymy Ariý we Hindistan siwilizasiýalary: diplomatiýanyň ruhy-ahlak binýatlary» diýlip atlandyrylýar. Bu oýna gatnaşyjy mekdep okuwçylary üçin okamak maslahat berilýän edebiýatlaryň sanawy institutyň resmi saýtynda ýerleşdirildi. Olar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.


Ozal habar berşimiz ýaly, 21-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň III oýny geçirildi.