Soňky habarlar

Arhiw

Balkan welaýat häkimligi Magtymguly şäherinde çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň gurluşygyna başlar

14:0124.02.2023
0
16965

Balkan welaýat häkimligi bu babatda degişli işleri ýerine ýetirmek üçin potratçyny saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, bäsleşigiň esasy şerti Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde çagalar medeni-dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak bolar.

Bäsleşige gatnaşmaga Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar we kompaniýalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipli bukjalar şu salgyda kabul edilýär: Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy, welaýat häkimligi.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (800222) 2-00-25, 2-00-55.

Magtymguly etrabynyň 2022-nji ýylyň iň gowy etraby diýlip yglan edilendigini we 1 million amerikan dollary bilen sylaglanandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň