Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat ― London aralygyndaky uçar gatnawy dikeldiler

18:1323.02.2023
0
47219

«Türkmenistan» awiakompaniýasy türkmen paýtagtyny Beýik Britaniýanyň London şäheri bilen birleşdirýän howa gatnawyny dikeldýär. Bu barada «Turkmenportal» 085 gysga belgisi arkaly habar aldy.

Awiakompaniýanyň Aşgabatda göge galjak uçary London şäheriniň "Stansted" howa menziline gonar. "Stansted" iňlis graflygynyň Atlsford etrabynda ― Londonyň 48 kilometr golaýynda ýerleşýär.

20-nji martdan başlanjak uçuşlar hepdede bir gezek amala aşyrylar.

Aşgabat ― London aralygyndaky uçuş 2020-nji ýylyň mart aýynda wagtlaýyn ýatyrylypdy. Ýöne pandemiýadan ozal Aşgabatdan Birmingeme uçuş amala aşyrylýardy.

Mart aýynda Aşgabat ― Pekin aralygyndaky uçuşyň hem dikeldiljekdigini ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň