Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn bilen bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi

20:5522.02.2023
0
13384
Türkmenistanyň Prezidenti Bahreýn bilen bilelikdäki işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki türkmen-bahreýn işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi. Bu teklip şu gün Manamada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde öňe sürüldi. Bu barada TDH habar berýär.

Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti iki ýurduň telekeçileriniň sergilerini geçirmegi hem teklip etdi. Munuň özi Türkmenistanyň we Bahreýniň işewür düzümleriniň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek, maýa goýum işini giňeltmek üçin oňat esas bolar.

Şeýle-de Serdar Berdimuhamedow däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň wajypdygy barada aýdyp, medeniýet we sport ulgamynda-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň