Soňky habarlar

Arhiw

11-nji martda Aşgabatda binagärlik-taslama sergisi geçiriler

09:5123.02.2023
0
30585

11-nji martda Aşgabatda, Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli binagärligiň ösüşi» atly binagärlik we dizaýn döredijilik sergisi geçiriler.

«Türkmenistan: Altyn asyr» neşirine görä sergi üç esasy ugurda geçirilýär:

  • Ýaşaýyş jaýlary;
  • Medeni maksatly binalar we seýilgähler;
  • 3D düzüliş ýa-da 3D animasiýa.

Mekdep okuwçylary, talyplar, ýaş mugallymlar, şeýle hem ähli gyzyklanýan ýaşlar öz taslamalary bilen sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Teklip edilýän taslamalar täze bolmaly, ozal beýleki döredijilik çärelerine gatnaşan bolmaly däl we ol barada heniz metbugatda maglumat paýlaşylmadyk bolmaly.

Has giňişleýin maglumaty (+993) 65 81 44 82 belgisine jaň etmek arkaly alyp bolar.

Serginiň üç ugrunyň hersi boýunça eminler tarapyndan üç ýeňiji saýlanylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň