Soňky habarlar

Arhiw

Hytaýda geçiriljek tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak döwletleri hasaba almak 15-nji martda tamamlanar

21:5022.02.2023
0
23332

Şu ýyl Hytaýda geçiriljek tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşjak Milli olimpiýa komitetleri 15-nji marta çenli ýüztutmalaryny bermelidirler. Bu barada TASS Aziýanyň Olimpiýa komitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Şu ýylyň 1-nji iýuny ― 15-nji iýuly aralygynda bolsa oňa ähli gatnaşjak türgenleriň sanawyny bermeli. Bijeler iýul aýynyň ahyrynda çekiler.

Aslynda, tomusky Aziýa oýunlary geçen ýyl geçirilmelidi. Ýöne Hytaýyň Hökümetine munuň üçin koronawirus pandemiýasy mümkinçilik bermedi. Şeýlelikde, Oýunlar şu ýyl 23-nji sentýabr ― 8-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

Hytaý Oýunlary Hançžou şäherinde geçirmegi meýilleşdirýär. Şeýle hem käbir ýaryşlaryň Ninbo şäherinde-de geçirilmegi mümkin. Sportuň 40 görnüşi boýunça geçiriljek ýaryşlara Hytaýda dürli maksatly desgalaryň 44-si taýýar edilýär.

Şu gezekki oýunlara Russiýa bilen Belarusyň hem gatnaşmagy mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň