«Portu» ÝÇL-iň pleý-off tapgyrynyň deslapky oýnunda «Interden» üstün çykmaga synanyşar

15:2822.02.2023
0
31570

ÝÇL-iň 1/8 final tapgyrynyň deslapky oýnunda «Inter» «Portuny» kabul eder. Duşuşyk Milan şäherindäki «San Siro» stadionynda geçiriler. Oýna Srjan Ýowanowiçiň ýolbaşçylygyndaky serbiýaly eminler topary eminlik eder.

Oýun Aşgabat wagty bilen 23-nji fewralda sagat 00:45-de başlanar. Bu duşuşyga Türkmenistanyň çäginde «Futbol 1» teleýaýlymynyň üsti bilen, göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Häzirki wagtda «Inter» A seriýanyň turnir tablisasynda ikinji ýerde barýar. Onuň garşydaşy «Portu» Portugaliýanyň çempionatynda hut şol ikinji basgançagy eýeläp dur.

«Inter» häzire çenli ýekeje gezek hem öz meýdanynda Portugaliýa wekilçilik edýän toparlardan ýeňlip görmedi. «Portu» bolsa iki gezek ýaryşyň 1/8 finalynda italýan toparlaryndan üstünlikli geçmegi başardy — 2018/19-nji ýyllardaky möwsümde «Romadan», 2020/21-nji ýyllardaky möwsümde «Ýuwentusdan». Şulary göz öňünde tutsak, bize bu gün gyzgalaňly gapma-garşylyk garaşýar diýip bileris.

«Portunyň» baş tälimçisi Serjio Konseýsaunyň aýtmagyna görä, «Inter» — düzüminde birnäçe ajaýyp oýunçylary bolan güýçli topar. A seriýa bolsa iň gyzgalaňly çempionatlaryň biri. Muňa garamazdan, «Portu» özüniň indiwidual we topar hökmündäki güýçli taraplaryny oňat bilýär.

Bu toparlaryň arasyndaky jogap oýny 14-nji martda Portu şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň