Türkmenabatda sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi

09:2621.02.2023
0
33160

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 7-nji sport mekdebinde sambo we söweş sambosy boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinden hem-de Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlaryndan gelen türgenleriň 187-si gatnaşdy. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, ýaryşa gatnaşýan türgenleriň agram derejeleriniň ýedisi boýunça güýç synanyşdylar.

Sambo boýunça umumy toparlaýyn hasapda Lebap welaýatynyň türgenleri birinji orny eýelediler. Ýer eýeleri 10 sany birinji, 7 sany ikinji, 14 sany üçünji orunlary eýelemegi başardylar. 4 sany birinji, şonça ikinji we üçünji orunlary eýelemegi başaran aşgabatly pälwanlar hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdylar. 3 sany ikinji we 5 sany üçünji orunlary eýelemegi başaran Mary welaýatynyň topary bolsa üçünji orna mynasyp boldy.

Sambo boýunça erkekleriň arasynda Aşgabat şäherinden 64 kilograma çenli agram derejesinde Niýazmyrat Babekow, 71 kilograma çenli agram derejesinde Abdulkerim Garaýew, 88 kilograma çenli agram derejesinde Parahat Bäşimow, Lebap welaýatyndan 58 kilograma çenli agram derejesinde Arslan Ismailow, 79 kilograma çenli agram derejesinde Bahram Bahramow, 98 kilograma çenli agram derejesinde Guwanç Begaliýew, +98 kilogram agram derejesinde Döwlet Islamow ähli garşydaşlaryndan güýçli çykdylar.

Gelin-gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň dowamynda Aşgabat şäherinden 65 kilograma çenli agram derejesinde Wiolleta Krowýakowa, Lebap welaýatyndan 50 kilograma çenli agram derejesinde Aziza Nazarowa, 54 kilograma çenli agram derejesinde Dinara Ibadullaýewa, 59 kilograma çenli agram derejesinde Madina Aýdogdyýewa, 72 kilograma çenli agram derejesinde Dinara Hallyýewa, 80 kilograma çenli agram derejesinde Jahan Muhammedowa we +80 kilograma çenli agram derejesinde Maksuda Egemberdiýewa dagy birinji orna mynasyp boldular.

Söweş sambosynda aşgabatly pälwanlar hemmelerden gowy çykyş etdiler. Olaryň paýyna 5 sany birinji, şonça-da ikinji we 10 sany üçünji orun düşýär. Toparlaýyn hasap boýunça ikinji orny eýelän lebaply pälwanlar bolsa öz hasaplaryna diňe 2 sany birinji, 1 sany ikinji we üç sany üçünji orny ýazdyrmagy başardylar. 1 sany ikinji we şonça üçünji orny eýelän Ahal welaýatynyň topary üçünji orna düşdi.

Aşgabat şäherinden 58 kilograma çenli agram derejesinde Ahmet Taňryberdiýew, 64 kilograma çenli agram derejesinde Ysmaýyl Ataýew, 71 kilograma çenli agram derejesinde Muhammet Gurbandurdyýew, 79 kilograma çenli agram derejesinde Myratdurdy Allanurow, 88 kilograma çenli agram derejesinde Muhammetgurban Mämmedow, Lebap welaýatyndan 98 kilograma çenli agram derejesinde Daýanç Taganow we +99 kilogram agram derejesinde Babajan Ibadullaýew çempion diýen adyň eýeleri boldular.

Sambo we söweş sambosy boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda öz başarjaňlyklaryny görkezip, ýeňiji bolmagy başaran türgenlere Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Hormat hatlary hem-de Söweş sungaty Milli federasiýasy tarapyndan degişli derejedäki medallar gowşuryldy. Ýeňijiler Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hatarynda halkara ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň