Türkmenistan Özbegistandan kir ýuwujy maşynlary import eden esasy döwletleriň biri boldy

18:3520.02.2023
0
53320
Türkmenistan Özbegistandan kir ýuwujy maşynlary import eden esasy döwletleriň biri boldy
Surat: daryo.uz

Türkmenistan 2022-nji ýylda Özbegistandan kir ýuwujy maşynlary satyn almakda öňdäki onluga girdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet statistika agentligi habar berýär.
Çeşmede bellenilişi ýaly Özbegistan 2022-nji ýylda Türkmenistana kir ýuwujy maşynlaryň 5,2 müň sanysyny eksport edipdir. Şeýlelikde, Türkmenistan geçen ýylda Özbegistanda öndürilen kir ýuwujy maşynlary iň köp satyn alan döwletleriň sanawynda ýedinji orny eýeleýär. Özbegistandan kir ýuwujy maşynlary import etmekde Türkmenistandan öňde Täjigistan (76,6 müň), Gazagystan (60 müň), Russiýa Federasiýasy (41,1 müň), Gyrgyzystan (21,6 müň), Azerbaýjan (8,6 müň) we Moldowa (7,2 müň) ýaly ýurtlaryň ady getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň