Eýran Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny zerur enjamlar bilen üpjün etmäge gyzyklanma bildirýär

14:5420.02.2023
0
42171

Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Wahidreza Zeýdifard «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşygynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny Eýranda öndürilen enjamlar bilen üpjün edilmegine gyzyklanma bildirdi. Bu barada eýran çeşmeleri 15 — 17-nji fewralda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilen Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň netijelerinden soň habar berýär.

Eýranyň nebit kompaniýalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyran Zeýdifard, ýurduň nebitgaz pudagynda ulanylýan enjamlaryň we önümleriň 70%-den gowragynyň içerki kärhanalar tarapyndan öndürilýändigini belledi. Şeýle hem ol Türkmenistana degişli enjamlary üpjün etmegi teklip edýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň wekillerini ýurduň nebit pudagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin Eýrana baryp görmäge çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň