Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde türkmen biržasynda 14 geleşik hasaba alyndy

14:1620.02.2023
0
30430

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini we polipropileni daşary ýurt puluna satyn aldylar.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen önümlere hem ýokary isleg bildirildi. Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, Hytaýyň, BAE-niň işewürleri bolsa tehniki ýody satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Irlandiýanyň hem-de Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 109 million 250 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Türkiýäniň telekeçiler jemi bahasy 262 müň 500 manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň