Denis Prosenkonyň kakasy Türkmen halkynyň Milli Liderine hat iberdi

10:5120.02.2023
0
40297

Meşhur rus hünärmeni, Mosk­wa­nyň «Kom­mu­nar­ka» kö­pu­gur­ly kli­ni­ki mer­ke­zi­niň baş luk­ma­ny, Aşgabatda doglan Denis Prosenkonyň kakasy, lukman Nikolaý Prosenko Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi. Hatda şeýle diýilýär:

«Türkmenistanyň güneşi, Aşgabadyň lälezarlygy, Watanyň güýji, türkmen topragyna söýgi hem-de Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda ähli maşgala agzalarymyzyň alan düýpli bilimleri meniň oglum Denis Nikolaýewiç Prosenko lukmançylyk ylymlarynyň doktory, Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany, Moskwa şäheriniň baş anesteziolog-reanimatology bolmaga hem-de maşgala däbimizi mynasyp dowam etdirmäge ýardam berdi. Oglumyň biliminiň mähriban ýurdumyzyň gülläp ösüşine we onuň lukmanlaryna peýdasy degse, örän şat bolardyk».

Denis Prosenko 1975-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Aşgabatda lukmanlar maşgalasynda dünýä indi. Ol Aşgabatda mekdep döwürleri iňlis dilini çuňňur öwrendi. Soňra Türkmen döwlet lukmançylyk institutynda okady. 1990-njy ýyllarda Prosenkolaryň maşgalasy Moskwa göçdi.

2020-nji ýylda Denis Prosenko COVID-19-a garşy geçirilen işlere goşan goşandy üçin Russiýa Federasiýasynyň zähmet gahrymany diýen ada eýe boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň