Tatarystanyň Baştutany alabaý itiniň suratyny paýlaşdy

08:2620.02.2023
0
24680

Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Telegram kanalynda Akdus atly alabaý itiniň suratyny ýerleşdirdi.

Minnihanow surat bilen birlikde, «Akdus eýýäm baharyň ysyny aldy? Nähili pikir edýäňiz?» we «Bahar gelýär, bahara ýol ber!» diýip, tatarça ýazgy paýlaşdy.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Minnihanow iti bilen känbir gezelenç etmändigini ýatlatdy. Munuň sebäbini bolsa işleriniň köpdügi bilen baglanyşdyrdy.

Ýeri gelende ýatlasak, türkmen alabaýynyň güjüjegi 2021-nji ýylyň ýazynda Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan sowgat berlipdi. Akdusyň ady tatar dilinden terjime edilende «Ak dost» diýmegi aňladýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň