Arhiw

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy halkara gurama bilen Ähtnama gol çekdi

19:0919.02.2023
0
28261

«Türkmen Logistika» assosiasiýasy we Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariaty özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler.

«Türkmen Logistikanyň» habaryna görä, resminama Merkezi we Demirgazyk Aziýada, Hazar sebitinde we umuman Ýewraziýa yklymynda ulag hem-de logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.

Ähtnama esasy halkara ulag geçelgeleriň we beýleki möhüm halkara ugurlary boýunça serhetaşa transportyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge, şeýle hem özara gyzyklanma döretmek, maglumat hyzmatdaşlygyny ösdürmek we hyzmatdaşlary saýlamakda amaly kömek bermäge mümkinçilik berýär.

Ýanwar aýynda Ýewraziýa transporty boýunça halkara utgaşdyryjy geňeşiň sekretariatynyň wekili Aşgabatda türkmen-rus işewürlik forumyna gatnaşdy, onuň çäginde ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça gepleşikler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň