Turkmenportal logo
18.02.23
1907119071
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
4-nji martda Gazagystanyň futbol boýunça çempionatynyň täze möwsümine badalga berler
4-nji martda Gazagystanyň futbol boýunça çempionatynyň täze möwsümine badalga berler

Milli çempionatyň 4-5-nji martda geçiriljek 1-nji tapgyrynyň duşuşyklary bilen Gazagystanda 2023-nji ýylyň futbol möwsümine badalga berler. Bu barada GPL-nyň resmi saýty habar berýär.


Ýewro ― 2024-iň saýlama tapgyrynyň ilkinji duşuşyklaryna çenli ligada üç tapgyr tamamlanar. Möwsümi 28-29-njy oktýabrda tamamlamak meýilleşdirilýär. Kubok ýaryşynyň final duşuşygy bolsa 4-nji noýabrda bolar.


25-nji fewralda «Astana» we «Ordabasy» toparlarynyň arasynda ýurduň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler.


Gazagystanda geçen möwsüm 6-njy noýabrda tamamlanypdy. 53 utuk toplan «Astana» nobatdaky gezek ýurduň çempiony bolupdy.


Häzirki wagtda Gazagystanda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ozalky derwezeçisi Ýewgeniý Naboýçenkonyň işleýändigini habar berýäris. Ol «Tobolyň» derwezeçilerine tälim berýär. «Tobol» täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda «Aksuny» kabul eder.