Turkmenportal logo
14.02.23
3438934389
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şu hepde Türkmenistanda ýagyşly howa bolar
Şu hepde Türkmenistanda ýagyşly howa bolar

Bu hepde Türkmenistanyň köp ýerlerinde ýagyş bolar. «Meteožurnal»-yň habaryna görä, käbir ýerlerde gar hem ýagmagy mümkin.


Ýurduň sebitlerinde sişenbe gününden anna gününe çenli ýagşyň ýagmagy çak edilýär. Ýöne ygal ýurduň ähli ýerine deň düşmez. Mysal üçin, Mary welaýatynda 15 ― 22, Lebap welaýatynyň günorta etraplarynda bolsa 15 ― 25 millimetre çenli ýagyş ýagar. Ahal, Köpetdag sebitlerinde bolsa ygalyň mukdary 18 millimetrden geçmez.


Şeýle hem Daşoguzda 3, Balkanda bolsa 8 millimetre çenli ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.