Turkmenportal logo
14.02.23
3645336453
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Матч ТВ» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky PSŽ ― «Bawariýa» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer
«Матч ТВ» Çempionlar ligasynyň 1/8 finalyndaky PSŽ ― «Bawariýa» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

«Матч ТВ» teleýaýlymy UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda PSŽ bilen «Bawariýanyň» arasynda geçiriljek ilkinji duşuşygy göni ýaýlymda alyp görkezer. Şu gije Pariž şäherinde geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen 00:45-de başlanar.


PSŽ toparçalaýyn tapgyrda «H» toparçada Portugaliýanyň «Benfikasyndan» soň ikinji orny eýeläpdi. «Bawariýa» bolsa «C» toparçada mümkin bolan 18 utugyň 18-sini hem gazanyp, ajaýyp netije görkezipdi.


Iki topar taryhda özara duşuşyklaryň 12-sini geçirdiler. Şolarda toparlaryň hersi 6 ýeňişden gazandy, henize çenli bir duşuşyk hem deňlikde tamamlanmady.


Duşuşygy angliýaly hünärmen Makl Oliweriň ýolbaşçylygyndaky eminler topary alyp barar.