Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşydaky mekdep deňiz-derýa ulaglarynyň hünärmenlerini zähmet boluna ugratdy

09:5614.02.2023
0
24325

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki orta hünär okuw mekdebinde uçurym dabarasy geçirildi. Bu dabara Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeniýet we sport toplumynda bolup geçdi.

Bu ýerdäki bilimiň möhleti iki ýarym ýyldyr. Şunça wagtyň dowamynda ýaşlar nawigasiýa, deňiz we derýa ýollarynyň ulaglaryny dolandyryş ugurlary boýunça hünär edinýärlerler.

Has takygy, bu ýerde nawigatorlar, gämi gurujylar, bejerijiler, mehanikler, inženerler, elektrikler, tehnologlar, kompýuteriň operatorlary, ykdysadyýetçiler we beýleki ugurlaryň wekilleri taýýarlanylýar.

Dabarada mekdep müdiri Azat Şanazarow we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy şäher Geňeşiniň başlygy Umyt Baýhanow uçurymlary gutlap, olara durmuşda üstünlik arzuw etdiler.

Resmi bölümden soň uçurymlary okuwda we jemgyýetçilik durmuşynda işjeňligi üçin sylaglamak dabarasy geçirildi. Uçurymlaryň köpüsine hormat hatlar we ýatdan çykmajak sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň