Top.Mail.Ru

Serdar Berdimuhamedow: «Mugallymlaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek»

11:5312.02.2023
0
51904

10-njy fewralda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatyny diňläp, onuň gözegçilik edýän düzümleriniň ýolbaşçylarynyň öňünde birnäçe möhüm wezipeleri goýdy. Hususan-da, çagalaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň tebigy zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek, ulgamlaýyn alyp barmak, okuw meýilnamalaryny, maksatnamalary, okuw kitaplaryny ösen halkara tejribelere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.

— Orta we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleri geçirmäge uly üns bermek wajypdyr. Mugallymçylyk käriniň abraýly we ýaşlary özüne çekiji bolmagy üçin, olaryň zähmet hakyny ýokary derejede bellemek gerek — diýip, döwlet Baştutany nygtady.

Şeýle hem daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň Türkmenistanda zerur bolan bölümlerini açmak boýunça degişli işleri geçirmegiň möhümdigine üns çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň