Turkmenportal logo
11.02.23
4888248882
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moldowanyň Hökümet başlygy we hökümeti iş başyndan gitdi
Moldowanyň Hökümet başlygy we hökümeti iş başyndan gitdiSurat: dw.com

Moldowanyň Premýer-ministri Natalýa Gawrilisa wezipesini terk edýändigini habar berdi, ýurduň Konstituýasyna laýyklykda şeýle ýagdaýda hökümetiň tutuş düzümi işden gidýär diýip, «MIR 24» habar berýär.


Düýn, annada geçen ministrleriň ýygnagyna «Hereket we raýdaşlyk» partiýasynyň parlament fraksiýasynyň ähli agzalary gatnaşdy, ýygnakda premýer-ministr işden gitmekçidigini yglan etdi diýlip, habarda bellenýär.


Geçen ýanwar aýynda Moldowanyň zähmet we durmuş goragy ministri Marçel Spatar bir ýarym ýyl wezipesinde işländen soň, meýletin iş başyndan gitdi.