Türk kompaniýasy Aşgabatda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkezini gurar

22:3710.02.2023
0
50563

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow täze taryhy döwürde Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ilata edilýän, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada «GAP İnşaat Yatırım ve Dış Ticaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen şertnamany merkez üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy şäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şerti bilen baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň mart aýynda başlamak we Halkara pediatriýa merkezini 2026-njy ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň