Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň ilaty ýerleşdirmek boýunça Maksatnamasyna (BMG-Habitat dostlar toparyna), durnukly şäherleşme we Täze şäher gün tertibine goşulýar.
Bu topara Polşa we Zimbabwe ýolbaşçylyk edýär. Ol 2022-nji ýylyň iýunynda Baş Assambleýa bilen Nýu-Ýorkdaky Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň arasynda şäherleşme meseleleri boýunça araçy hökmünde döredildi.
«Newscentralasia»-nyň habaryna görä, Türkmenistanyň topara agza bolmagy aşakdaky ugurlarda goşmaça mümkinçilikleri döreder:
- köptaraplaýyn gurşawlar arkaly Arkadag şäheriniň taslamasyny wagyz etmek;
- şähergurluşyk kanunçylygy ulgamynda tejribe alyşmak, şäherleriň durnukly ösüşine goşant goşýan hukuk usulyýetlerini we gurallaryny öwrenmek;
- ýaşaýyş jaýlarynyň hilini we ilatly ýerleriň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäreleri geçirmek;
- şäher ykdysadyýetinde döwlet dolandyryşyny gowulandyrmak maksady bilen, ýola goýlan hyzmatdaşlygy güýçlendirmek;
- ýokary tehnologiýaly, ekologiýa taýdan arassa, sosial taýdan uýgunlaşan şäherleri ösdürmek babatda global maksatnamalary we strategiýalary durmuşa geçirmek.