Turkmenportal logo
08.02.23
2368223682
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gazagystan 2026-njy ýyla çenli dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşyny kabul eder
Gazagystan 2026-njy ýyla çenli dzýudo boýunça «Uly tuwulga» ýaryşyny kabul eder

Gazagystanyň Dzýudo federasiýasy Halkara federasiýa bilen dört ýylyň dowamynda «Uly tuwulga» ýaryşlaryny kabul etmek boýunça şertnama baglaşdy.


Ikitaraplaýyn şertnama Fransiýanyň Pariž şäherinde gol çekildi diýip, ýurduň Dzýudo federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.


Şertnama görä, Gazagystan «Uly tuwulga» ýaryşlaryny dört ýyllap ― 2023 ― 2026-njy ýyllar aralygynda kabul eder. Astanada geçiriljek tapgyr Qazaqstan Barysy Grand Slam diýlip atlandyrylar.


«Uly tuwulga» (Grand Slam) IJF World Tour-yň çägine girýän tapgyrdyr. IJF-niň düzgünnamasyna görä, onda birinji orny eýelän türgene 1000, ikinji ornuň eýesine 700, üçünji orny eýeläne bolsa 500 dünýä we olimpiýa utugy berilýär. Qazaqstan Barysy Grand Slam tapgyry dzýudoçylar üçin 2024-nji ýylda Parižde, 2028-nji ýylda Los-Anželesde geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna çykmagyň bir ädimi bolar.