Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynda iş maslahatyny geçirdi

21:5607.02.2023
0
35981

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy, şeýle-de bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalygy, senagat we gurluşyk toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň we käbir beýleki ýolbaşçylaryň gatnaşmaklarynda ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mary welaýatynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine we ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatynda, ilki bilen, wise-premýer A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol häzirki wagtda ýurtda, hususan-da, Mary welaýatynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Şeýle-de wise-premýer Türkmenistanyň çäginden geçýän derýalarda kadaly suw akymyny üpjün etmek we olaryň kenarlaryny berkitmek, suw akabalarydyr ýaplary arassalamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, geljekki hasylyň düýbüniň häzirden berk tutulmalydygyny, munuň üçin möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda hem-de ýokary hilli, agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmelidigini belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow suwdan rejeli we kadaly peýdalanmagyň, ekin meýdanlaryny suw bilen bökdençsiz üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Ç.Purçekow ýurduň senagat we gurluşyk toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, Mary welaýatynda senagat desgalaryndaky işleriň ýagdaýy, elektrik energiýasynyň üpjünçiligi we ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurduň senagat we gurluşyk toplumynyň milli ykdysadyýetde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn belledi hem-de pudaklary hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur işleriň geçirilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurduň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigine ünsi çekip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe degişli görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynyň barşynda Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow ýolbaşçylyk edýän düzümindäki işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň zerurdygyny belläp, bu babatda komitetiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Häkim hasabatynda welaýatyň çäginden geçýän derýalaryň kenarlaryny berkitmek boýunça alnyp barylýan gidrotehniki çäreler barada hem aýtdy. Ol ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleriniň we hiliniň geljekki bol hasylyň binýadydygyny aýdyp, ol işleriň agrotehniki kadalara laýyklykda, öz wagtynda ýerine ýetirilmelidigini belledi.

Döwlet Baştutany suwdan rejeli peýdalanmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň