Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy «CILT Central Asia» bilen iş maslahatyny geçirdi

10:3606.02.2023
0
24321

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasy ýakynda Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň (CILT Central Asia) gatnaşmagynda wideokonferensiýa arkaly bilelikdäki iş maslahatyny geçirdi. Bu barada Assosiasiýanyň resmi web sahypasynda habar berildi.

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary Rustam Seýidow bilen Beýik Britaniýanyň ulag we logistika institutynyň Merkezi Aziýadaky wekilhanasynyň (CILT Central Asia) baş sekretary Ýerbol Muhaýew 2023-nji ýylda bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmek, «CILT Central Asia» okuw maksatnamalaryny guramak we oňa Assosiasiýa agza kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar şeýle hem 3-4-nji maýda Aşgabatda geçiriljek «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş—2023» atly halkara maslahata gatnaşmak meselesine garadylar.

Iş maslahatynyň netijesinde 2023-nji ýyl üçin «CILT Central Asia» bilen «Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň Bilelikdäki Hereket meýilnamasynyň taslamasy ylalaşyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi ABŞ-nyň Halkara ösüş gullugynyň (USAID) Merkezi Aziýada söwda boýunça maksatnamasynyň goldawy bilen amala aşyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň