Turkmenportal logo
06.02.23
3056430564
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutlady
 Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatoryny gutladyPhoto: New Zealand Government, Office of the Governor-General

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täze Zelandiýanyň General-gubernatory hanym Sindi Kiro hem-de ýurduň ähli halkyna Täze Zelandiýanyň milli baýramy — Waýtangi güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Sindi Kiro tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Täze Zelandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw etdi.