Türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew «Abdyş-Ata» bilen ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy

09:0106.02.2023
0
19102

Türkmenistanly goragçy Teýmur Çaryýew Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» futbol toparynyň düzüminde ýoldaşlyk duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada topar jemgyýetçilik torlaryndaky hasaby arkaly habar berdi.

«Abdyş-Ata» häzirki wagtda Kant şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär. Teýmur Çaryýew häzir toparyň bu şäherdäki ýygnanyşygyna baryp goşuldy, ýöne gyrgyz topary heniz onuň bilen şertnama baglaşanok.

«Kara-Balta» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçiren häzirki çempion garşydaşyny Mirbek Ahmataliýewiň we Ilýa Kožuharyň gollary bilen 2:0 hasabynda ýeňdi.

22 ýaşly Çaryýewiň Türkmenistanyň çempionatynyň geçen möwsüminde «Energetigiň» düzüminde çykyş edendigini ýatladýarys. «Transfermarkt» portalyna görä, onuň bahasy 100 müň ýewro ýetýär.

Maryly futbolçy Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynda hem resmi duşuşyklaryň altysyny geçirdi.

«Abdyş-Ata» türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarowyň ozalky toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň