Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Şimpanze özüne oklanan çüýşäni haýwanat bagyna gelen adamlara zyňdy

17:3803.02.2023
0
31773
Şimpanze özüne oklanan çüýşäni haýwanat bagyna gelen adamlara zyňdy
Surat: mir24.tv

Hytaýyň Çanşa şäheriniň haýwanat bagynda gezelenç edýänleriň biri şimpanzeniň saklanýan gözenegine suwly plastik çüýşäni oklady. Maýmyn aljyramady, ol çüýşäni aldy-da, yzyna zyňdy. Netijede, syýahatçy gyz şikes aldy diýip, «Newsflare» portalyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Waka geçen ýekşenbede boldy. Wideoşekillerde hytaýlynyň maýmyna suwly gaby oklaýandygy görünýär. Diu Na Sin diýlen şimpanze ilki çüýşäni ýere urup görýär, soňam ony dazyrdadyp, özüni synlamaga gelen mähellä tarap zynýar. Netijede, bir gyz şikes alýar, onuň eltelefonynyň hem urgudan jaýryk atandygy görünýär.

Haýwanat bagynyň edarasy jahankeşdelere maýmyny gižželemezligi maslahat berdi, ol öň hem adamlara hapa-haşal, daş we beýleki zatlary zyňyp, meşhurlyk gazanypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň