Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi

12:3103.02.2023
0
33846
Süýtli kofe gara kofeden peýdaly diýlip ykrar edildi
Surat: romir.ru

Eger kofe süýt bilen içilse, adam organizmi üçin has peýdalydyr diýip, ýewropaly molekulýar biologlar anykladylar. Ylmy-barlaglar süýt beloklarynyň kofe dänelerindäki antioksidantlaryň täsirini güýçlendirýändigini görkezdi diýip, «Journal of Agricultural and Food Chemistry» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Kopengagen uniwersitetiniň alymlary munuň üçin kofäniň düzümindäki antioksidantlaryň adam bedenine täsirini seljerdiler. Barlaglara görä, antioksidantlar öýjüklerde sistein aminokislotasynyň molekulasy bilen birleşip, güýçli täsir edýär, sowuklamanyň derejesini üç esse azaldyp, dogabitdi immunitetiň işine ýardam berýän genleriň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Sisteine baý beloklar süýtde we süýt önümlerinde köp duşýar. Alymlar süýtli kofeniň gara kofä garanda, has peýdalydygy barada netijä geldiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň