Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow şertnamasynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol topary bilen hoşlaşdy. Bu barada klubyň resmi saýty habar berýär.
Şeýlelikde, Japarow indi erkin oýunçydyr.
Ýeri gelende aýtsak, gyşky arakesmede «Abdyş-Ata» bilen hoşlaşan futbolçylaryň arasynda geçen möwsümiň iň netijeli futbbolçylary Ataý Jumaşew bilen Ernist Batyrkanow hem bar. Şeýle hem Kalys Akimaliýew, Magamed Uzdenow, Dadahon Ýusubow, Amir Japarow, Midin Kerezbekow, Oroz Timur uuly we Maksat Alygulow dagylar topar bilen hoşlaşdylar.
«Abdyş-Ata» 2023-nji ýylda AFK-nyň kubogy ugrundaky yklym ýaryşyna gatnaşar. 27 ýaşly Rahat Japarow topar bilen geçen ýylyň başynda şertnama baglaşypdy.
Rahat Japarowa Ermenistanyň, Belarusyň, Gruziýanyň we Özbegistanyň toparlaryndan teklipleriň bardygyny ýatladýarys. Transfermarkt oňa 250 müň ýewro baha kesýär.