Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi açyldy diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Habar berlişi ýaly, kitap sergisine ilkinjileriň hatarynda türkmen dili we edebiýaty mugallymlary hem-de Farap şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar.
Kitaphana ýylyň dowamynda şahyryň eseriniň käbir mowzuklaryna bagyşlanan ýene-de birnäçe tematiki sergileri açmagy, okyjylaryň duşuşyklaryny we edebi agşamlary geçirmegi meýilleşdirýär. Olara Magtymgulynyň goşgularyna aýdym aýdýan bagşylaryň, Lebap welaýatynyň ýazyjy-şahyrlarynyň, Gündogaryň beýik akyldarynyň döredijiligini öwrenýän alymlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Farap şäher kitaphanasyndaky kitaplaryň umumy sany 63 800 nusga golaýlaýar. Bu ýerde okyjylaryň duşuşyklary, dürli döwürleriň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijiligine, belli senelere bagyşlanan edebi agşamlar yzygiderli geçirilip durulýar.
Şeýle-de okaň: