Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy

22:1223.12.2022
0
39666

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow türkmen halkynyň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça alnyp barylýan işler, hususan-da, bu sene mynasybetli 2023-2024-nji ýyllarda geçirilmegi göz öňünde tutulýan çäreleriň işlenip taýýarlanylan Meýilnamasy barada hasabat berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň barşynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý we gymmatly edebi mirasyny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, XVIII-XIX asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini täze taryhy döwürde ylmy esasda öwrenmek, onuň döredijiliginiň türkmen halkynyň we tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmek hem-de «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda çykaran Kararyna laýyklykda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede belläp geçmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek boýunça geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler, Bilim, Medeniýet, Maliýe we ykdysadyýet ministrliklerine, Ylymlar akademiýasyna, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine hem-de beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň