Türkmenistanly dzýudoçy Portugaliýa Gran-prisinde ilkinji bäşlige düşdi

13:0028.01.2023
0
61660

18 ýaşly dzýudoçy Serdar Rahymow düýn başlanan Portugaliýanyň Gran-prisinde ilkinji ýedilige girmegi başardy. Şeýlelikde, Serdar geljek ýyl Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligini artdyrdy.

Has takygy, 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden türkmenistanly dzýudoçy öz agram derejesinde 5-nji orny eýeledi. Ýaryşa «C» düşekçede başlan Serdar bu düşekçede ýaryşan 12 dzýudoçynyň arasynda ýeňiji bolup, ajaýyp netije görkezdi. Ilkinji tutluşygynda mongoliýaly Unubold Lkagwaýamtsdan üstün çykan türkmenistanly dzýudoçy soňra şweýsariýaly Freddi Weizeneggeri we täjigistanly Obid Jebowy ýeňip, düşekçäniň final tutluşygyna çykmaga hukuk gazandy. Ol final tutluşygyny ozal hem bu düşekçede iň iň güýçli türgen hasaplanýan braziliýaly Erik Takabatakeden üstün çykdy.

Serdar Rahymow bu agram derejesiniň medallary ugrundaky tutluşyklarda bolsa moldowaly Radu Izworeanudan we özbegistanly Muhriddin Tilowowdan asgyn geldi. Özbek türgeniniň çempion bolan ýaryşynda ikinji orny koreýaly Baul An eýeledi. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa fransiýaly Daiki Bouba bilen moldowaly Radu Izworeanu çykdy.

Şu agram derejesinde Türkmenistandan Hekim Agamämmedowyň hem ýaryşandygyny ýatlatmak gerek. «B» düşekçä wekilçilik eden Hekim ilkinji iki tutluşygynda marokkoly Abderrahman Bouşita bilen gabonly Fernand Nkerodan üstün çykan hem bolsa, düşekçäniň ýarym finalynda azerbaýjanly Ýaşar Najafowdan asgyn geldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň