Turkmenportal logo
26.01.23
3292532925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Uganda nebit gazyp almaga başlady
Surat: business.com.tm

Uganda öz taryhynda ilkinji gezek nebit gazyp almaga başlady. Ýurduň günbataryndaky «Kingfisher» atly täze ýataga Hytaýyň nebit korporasiýasy tarapyndan gözegçilik edilýär diýip, «Habar 24» ýazýar.


Täze ýatagyň gorlarynyň işlenilmegi Ugandanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm tapgyr bolar diýip, bilermenler aýdýarlar. Nebiti şeýle-de Albert kölünden demirgazykdaky Tilenge etrabynda hem gazyp almagy maksat edinýärler.


Ýeri gelende aýtsak, bu ýurt «gara altyny» öň daşary ýurtlardan satyn alýardy. Häzirki wagtda Ugandadaky nebitiň gorlary 6,5 milliard barrel bahalanýar.